Iň eýjejik gyzjagaz – 2026

Aşgabat şäheriniň 88-nji orta mekdebinde  orta mekdepleriniň 2 – 4-nji synplarynda bilim alýan okuwçy
gyzjagazlaryň arasynda «Iň eýjejik gyzjagaz – 2026» atly şadyýan bäsleşigiň şäher tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň muzeý gymmatlyklaryndan düzülen göçme sergisi gurnaldy. Sergide türkmen nakgaş sungat eserlerinden I.Aşyrowyň «Türkmen bedewi», M.Kakabaýewiň «Türkmen saz gurallary», N.Taganowanyň «Dünýäm, sen eje», O.Ummadowanyň «Güller» şeýle-de türkmen keramika sungaty eserlerinden A.Taganowyň «Şarlawuk», S.Muhammedowanyň «Tawus» atly eserleri hem-de amaly-haşam sungatyna degişli eserler birnäçe  görkezildi.

Paýlaş

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244