«Türkmen grafika sungatynda ynsan keşbi» atly sergisi
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde bu günki gurnalan «Türkmen
grafika sungatynda ynsan keşbi» atly sergisi biziň milli şekillendiriş
sungatymyzyň kemala geliş taryhyna, onuň filosofiki çuňlugyna we ynsan keşbiniň
şekilindäki özboluşlylyga bagyşlanýar. Bu sergi diňe bir geçmişi däl, eýsem häzirki
zaman türkmen grafikasynyň ruhy dünýäsini hem açyp görkezýär. Sergide türkmen grafikasynda ynsan keşbine täze ruh beren halypa ussatlaryň eserlerine aýratyn orun berilýär.
Bu sergi — türkmen grafika sungatynda ynsan keşbiniň dörediliş aýratynlyklaryny,
nakgaşlykdan tapawutlylykda grafikanyň çeperçilik diliniň özboluşlylygyny açyp
görkezmekden ybaratdyr. Gara we ak reňkleriň utgaşmasy arkaly döredilen
keşplerde türkmen halkynyň mertligi, sabyrlylygy we mähirliligi öz beýanyny
tapýar. Bu sergide hödürlenýän eserler dürli tehniki serişdeleri — galam, kömür, sangina, pastel, tehniki usullary ofort we grawýura arkaly adamyň içki dünýäsiniň, häsiýetiniň we ruhy ýagdaýynyň çeper
beýany seljerilýär.
Halkymyzyň medeniýetine, sungatyna we taryhyna uly sarpa goýýan, sungat işgärleriniň döredijilikli
zähmet çekmegi üçin, döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, döwlet ähmiýetli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!