Muzeýimize talyp ýaşlaryň gezelenji
Medeni miras — bu diňe bir gadymy ýadygärlikler däl, eýsem halkyňaňyndaky gymmatlyklar, däp-dessurlar, sungat, halk döredijiligi we ruhy
mirasdyr. Türkmen halkynyň medeni mirasy müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýar.
Şekillendiriş sungatynyň milli gymmatlyklaryny gorap saklaýan sungat ojagy
bolan Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýine Türkmen döwlet medeniýet
institutynyň talyp ýaşlary gezelenje geldiler. Muzeý hünärmenlerimiz tarapyndan
düşündirişli gezelenç guraldy. Talyp ýaşlar özlerini gyzyklandyrýan sungat
eserleri barada sorag-jogap alşyp olar bilen içgin tanyşdylar. Şular ýaly
gezelençleriň guralmagy ýaşlaryň gözýetimine, bilimine we olaryň döredijilik äleminde
kämil ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin diýseň uly ähmiýeti bardyr.