Milli barlaghanalaryň tanyşdyrylyşy we «Bilelikdäki garaýyş» maslahaty
Stambul şäherinde geçirilýän «Dikeldiş we gorap saklaýyş barlaghanalary üçin Türkiýe tejribe alyşma
maksatnamasynyň» jemleýji güni Milli barlaghanalaryň tanyşdyrylyşy we «Bilelikdäki garaýyş» atly maslahat bilen dowam etdirildi. Onda Beýik Ýüpek ýolunyň geografik we ruhy ýüregi bolan, türki siwilizasiýasynyň iň çuňňur gatlaklaryny saklap gelýän ýurdumyz — Türkmenistanyň adyndan Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktory Ismail Orazow çykyş etdi. Ol
öz çykyşynda Türki dünýäsi diňe bir dilleriň umumylygy däl-de, eýsem,
tehnologik we çeperçilik gymmatlyklarynyň hem-de däp-dessurlarynyň umumylygy
barada nygtap geçdi. Şu günki günde döwletleriň arasyndaky serhetler medeni
alyş-çalyş üçin açyk we aýdyň bolýan wagtynda biziň umumy wezipämiz — mirasy
gorap saklamak babatdaky ylmy gazananlarymyzy hem dünýä aýdyň we elýeterli
etmekden ybaratdyr diýip belledi. Şeýle-de Türki dünýäsiniň çäginde geçirilýän
şu günki duşuşygyň aýratyn ähmiýetini belläp geçdi. Türki medeniýetiniň mirasy we gaznasy, Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi, Türki dünýäsi gaznasy tarapyndan Ismail Orazowa uly dabara bilen Şahadatnama gowşuryldy.