Dikeldiş we gorap saklamak tejribeleri
Taryhy gymmatlyklar — bu diňe bir geçmişiň galyndylary däl-de, eýsem adamzat siwilizasiýasynyň
maddy we medeni mirasy. Dünýä derejesinde bu mirasy gorap saklamak, geljekki nesillere ýetirmek we aslyna laýyk görnüşde rejelemek häzirki wagtda iň wajyp meseleleriň birine öwrüldi. Ankara we Stambul şäherlerinde geçirilýän «Dikeldiş we gorap saklaýyş barlaghanalary üçin Türkiýe tejribe alyşma maksatnamasy» atly halkara maslahaty 11-nji fewralda Stambul şäheriniň Stambul merkezi we sebit restawrasiýa we konserwasiýa müdirýetinde «Dikeldiş we gorap saklamak tejribeleri» boýunça dowam etdirilýär. Bu ýerde professorlar barlag işini hem-de rejeleýiş işini geçirişleri boýunça çykyş etdiler. Türki dünýäsiniň taryhyny öwrenmek, gorap saklamak, maddy we ruhy mirasyny dünýäde wagyz etmek barada sorag-jogap alyşyldy.