Anatoliýa medeniýetleri muzeýinde maslahat
"Türki dünýäsiniň dikeldiş
we ulgamlaýyn barlaghanalarynyň toruny (TWRCLN)" döretmegiň çäklerinde,
Türki medeniýetiniň mirasy we gaznasy, Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk
ministrligi, Türki dünýäsi gaznasy we Türkiýäniň beýleki degişli edaralary
bilen hyzmatdaşlykda 2026-njy ýylyň 9-13-nji
fewraly aralygynda Ankara we Stambul şäherlerinde geçirilýän «Dikeldiş we
gorap saklaýyş barlaghanalary üçin Türkiýe tejribe alyşma maksatnamasy» öz
işine başlady. Bu gün 9-njy fewralda – Ankara şäherinde Arheometriýa we muzeýşynaslyk ugry boýunça
maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy
adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktory Ismail Orazow gatnaşdy. Maslahatyň
barşynda taryhy-medeni ýadygärlikleri gorap saklamak, olary geljekki nesillere
ýetirmek maksady bilen bagly işlenen taslamalaryň çäklerinde medeni
gymmatlyklary rejelemek, olary dikeltmek, şeýle hem şol gymmatlyklaryň sanly
tehnologiýalar arkaly nusgalaryny taýýarlamak barada çykyşlarda beýan edildi.