Döredijilik duşuşygy

Bu gün Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat
Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde Magtymguly adyndaky milli
sazly drama teatrynyň artistleriniň şeýle hem muzeýimiziň hünärmenleriniň
gatnaşmagynda söhbetdeşlik geçirildi. Onuň barşynda «Garaşsyz, baky Bitarap
Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany» atly ýylymyzyň şygarynyň mazmuny,
ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri, ýetilen belent sepgitler, şeýle hem teatr,
kino, aýdym-saz we opera sungaty dogrusynda söhbet edildi. Türkmen halkynyň
Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň taýsyz tagallalary esasynda ýurdumyzda medeniýete we sungata uly
sarpa goýulýar. Watanymyzda bellenilýän her bir baýramçylyklarda sungat
ussatlarymyzyň ajaýyp çykyşlary munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Söhbetdeşligiň ahyrynda medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösmeginde uly aladalar
edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly
Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözleri beýan
edildi. Söhbetdeşlik «Türkmen owazy» teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.

Paýlaş

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244