«Watan goragy mukaddesdir» atly sergi

Güneşli Diýarymyzda asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde “Garaşsyz Baky
Bitarap Türkmenistan - Bedew Batly At – Myradyň Mekany “ ýylynda halkymyz toý baýramlaryny uludan 
belleýär. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde hem Watan goragçylarynyň güni mynasybetli 
“Watan goragy mukaddesdir” atly sergi gurnaldy. Sergi muzeý gaznasyndaky tanymal suratkeşlerimiziň 
dürli ýyllarda döreden nakgaş, heýkel eserlerinden düzüldi. Türkmenistanyň halk suratkeşi Gulnazar 
Begmyradowyň “Eje, biz ýeňiş bilen gaýdyp geldik”, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Gennadiý 
Babikowyň “Garry yzçy”,  Nikolaý Çerwýakow “Serhetçi N.Alakiniň portreti”, Çary Öwwäýewiň “Hiçkim 
ýatdan çykanok - Hiç zat unudulanok”, Wera Gyllyýewanyň “Ýeňiş”, Walentin Kudrýaşowyň “El kömegi” 
ýaly eserlerini synlanyňda geçmiş-taryhymyzda Watançylygyň, gahrymançylygyň, batyrlygyň, Watany 
söýmegiň aýdyň nusgasyny görmek bolýar. Şeýle-de, sergide nakgaş eserleri bilen birlikde Alekseý 
Şetininiň, Muhammet Ýüzbaşewiň, Meretdurdy Öwezowyň, Gülara Babaýewanyň heýkel we keramika eserleri 
hem ýerleşdirildi. Watansöýüji pederlerimiziň söýgüsi, mähri siňen toprak - biziň üçin mukaddesdir! Watany goramak, 
oňa ähli yhlasyňy, gujur-gaýratyňy bagyş etmek uly bagtdyr. Watanyň goragy bolsa mukaddesliň goragydyr. Bagtyýar 
şu günümiz, döwletli – döwranly, röwşen ertirimiz üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly 
Gahryman Serdarymyzy, ýurdumyzyň esgerlerini we serkerdelerini Watan goragçylarynyň güni mynasybetli
gutlaýarys.  Olaryň janlary sag, ömürleri uzak, belent maksatlary dowamat –dowam bolsun!  




Paýlaş

20/04/2026

Brifing duşuşyk

Türkmenistanyň Bilim ministirliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ý

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244