Wagyz-nesihat duşuşygy

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýiniň işgärleriň arasynda durmuş kadalaryny 
ýaýbaňlandyrmak maksady bilen muzeýiniň konfirensiýa zalynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärämize Türkmenistanyň içeri işleri 
ministirliginiň 4-nji müdirliginiň wekili, polisiýaň maýory Batyr Berkeliýew hem-de Türkmenistanyň Polisiýanyň Ýol gözegçiligi müdirliginiň 
4-nji bölüminiň uly gözegçisi, polisiýanyň uly leýtenanty Abraý Ýusupow gatnaşdylar. Olar özleriniň çykyşlarynda Berkarar Döwletiň täze eýýamynyň 
galkynyşy döwründe, Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda ýol hereketi üçin döredilýän amatlyklary, köçe-ýol hereketiniň kadalary, 
düzgünleri kadalaşdyryjy-hukuknamalary barada söz sözläp, jemgyýetçilik ýerlerinde özüňi alyp barmagyň edep kadalarynyň we tertip düzgüniniň doly 
hem-de dogry berjaý edilmelidigi barada hem giňişleýin çykyş etdiler. Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly 
Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli işlerinde rowaçlyklaryň ýar bolmagyny arzuw etdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244