Watan mukaddesligi

Döwletli Diýarymyzyň her daban ýerine gözüniň göreji deý garaýan we goraýan esgerlerimiziň, serkerdelerimiziň 
abraý-mertebesini belende göterip, olaryň alyp barýan mukaddes işlerini hormatlap, her ýylyň 27-nji ýanwary 
Watan goragçylarynyň güni diýlip yglan edildi. Ynha şu gün hem Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýine 
Watan goragçylarymyz myhmançylyga geldiler. Myhmanlar ilki bilen muzeýe aýlanyp şekillendiriş sungat eserlerini 
synladylar. Hormatly Prezidentimiz Watan goragçylarymyz hakdaky aladasy we harby ussatlygy görkezýän şahsy 
göreldesi, uly nusga bolup durýar. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň “Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar”, 
“Watan goragy mukaddesdir”, “Mertler Watany beýgeldýär” atly kitaplary bolsa ösüp gelýän ýaş nesilleri 
aýratyn-da Watan goragçylaryny harby-watançylyk ruhunda terbiýelemekde olarda türkmen halkynyň gahrymançylyga 
beslenen asylly häsiýetlerini kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Garaşsyz baky Bitarap Watanymyz Gahryman 
Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda dünýäde asudalygy, parahatçylygy bilen dos-doganlyk 
gapysyny giňden açyp, her bir toý baýramy uludan toýlaýar. Watan mukaddesligi, Watana söýgüniň çuňlugy, Watan 
mertebesiniň belentligi ýaly düşünjeler edermen hem mert pederlerimiz tarapyndan goralyp we sarpalanyp biziň
günlerimize çenli özüniň kämilligidir päkligi bilen gelip ýeten ruhy gymmatlyklardyr.

Paýlaş

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244