Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň «Watan mukaddesligi» muzeýinde «Bedew batly-at myradyň mekany»
ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda gözellikde deňi-taýy bolmadyk bedew atlarymyzyň at-abraýynyň
dünýä derejesinde arşa galýandygy we ýurdumyzda her bir gazanylýan üstünlikleriň bedew badyna deňelýändigi barada
söhbet edildi. Gepleşige Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Oguljemal Çaryýewa, Türkmen düýäsi gazetiniň
jogapkär kätibi Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Döwletgeldi Agalyýew, Türkmen döwlet Medeniýet institutynyň talyby
edebiýat we sungat gazetiniň edebi işgäri Süleýman Haýdarow, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň Uly ylmy
işgäri Güljeren Atabaýewa, «Watan mukaddesligi» muzeýiniň baş gazna saklaýjysy Jeren Altyýewa hem-de Türkmen
döwlet Medeniýet we sungat mekdebiniň talyplary gatnaşdylar. Söhbetdeşligi «Miras» teleýaýlymynyň alypbaryjysy
Hezretaly Hallyýew alyp bardy. Söhbetdeşligiň ahyrynda halkymyzyň medeniýetini we sungatyny arşa göterýän türkmen
halkynyň Milli Lideri GahrymanArkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.