«Bedew batly ösüşleriň mekany» atly sergi

    Bu ýyl – Gündogar müçenamasy boýunça ýylky, ýagny bedew ýyly. Biziň bedewlerimiz halkymyzyň 
milli buýsanjydyr, beýik ösüşlerimiziň nyşanydyr. “At – myrat” diýlişi ýaly, täze ýyl bagtyýar halkymyzy 
maksat-myradyna ýetirer. Türkmen halky üçin 2026-njy ýyl aýratyn ähmiýete eýedir. Bu ýylda eziz Watanymyz 
mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyny bellär. Türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhynda hem-de özbaşdak 
ösüş ýolunda bedew at milletimiziň ynamdar we ygtybarly ýoldaşy hökmünde aýratyn orun tutýar.
    Şu nukdaýnazardan ugur alyp biziň sungat ojagymyz bolan Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde hem 
“Bedew batly ösüşleriň mekany” atly sergi gurnaldy. Sergimizde Türkmenistanyň halk suratkeşi Ýakup Annanurowyň 
“Asman bedewi”, Merdan Kakabaýewiň“Ýedigen”, “Gözellik”, “Gyjaklar we tüýdükler”, Mustapa Ýagşymyradowyň 
“Ahalteke bedewi”, Kakageldi Seýitmuhammedowyň “Garaşsyzlyk toýy” atly eserleri sergide görkezilen. 
Muzeýimiziň gaznasyndan hödürlenen Türkiýe döwletiniň suratkeşleriniň hem eserleri bu sergimiziň görküne aýratyn görk goşýar.
    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, halkymyzy döwletli döwranda ýaşadýan, il abadançylygyny, ýurt 
agzybirligini baş gymmatlyk hasaplaýan, türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz 
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! 




Paýlaş

08/01/2026

Söhbetdeşlik

2026-njy ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244