«Sungatym – köňül ganatym»

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty
muzeýinde «Sungatym – köňül ganatym» ady bilen söhbetdeşlik guraldy. Söhbetdeşlige
Türkmenistanyň at gazanan artisti Atamyrat Ataýew hem-de Jemile Saryýewa dagylar
çykyş etdi. Onuň barşynda türkmeniň behişdi bedewleriniň sungatdaky orny barada
söhbet edildi. Türkmen suratkeşleri bu günki günde eziz Watanymyzyň, halkymyzyň
buýsanjy bolan bedewlerimiziň waspyny ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetirýärler.
Gözellikde deňi-taýy bolmadyk bedew atlarymyzyň at-abraýy dünýä derejesinde
arşa galýar. Ýurdumyzyň her bir gazanýan üstünlikleri bedew badyna deňelýär.
Halkymyzyň medeniýetini we sungatyny arşa göterýän türkmen halkynyň Milli Lideri
Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza 
alkyş sözleri beýan edildi. Söhbetdeşlik «Aşgabat» teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.

Paýlaş

08/01/2026

Söhbetdeşlik

2026-njy ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244