Dabaraly maslahat

2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar 
guramasynyň merkezi we Aşgabat şäher geňeşleri tarapyndan Türkmenistanyň 
jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap 
Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli 
«Bedew batly gadamlar bilen röwşen geljege barýan ýaşlar – berkarar döwletiň sarsmaz 
binýady» atly dabaraly maslahat geçirildi.Onuň barşynda täze 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, 
baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy 
behişdi bedewlerimize goýulýan sarpanyň aýdyň subutnamasy dogrusynda, ata Watanymyzyň 
geljegi bolan ýaşlaryň orny, olaryň kämil bilim alyp, ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak, 
olaryň saýlap alan hünärleriniň ussady bolup ýetişmekleri dogrusynda maslahata gatnaşyjylar
çykyş etdiler. Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky 
Şekillendiriş sungaty muzeýi hem özüniň ajaýyp eserlerinden düzülen göçme sergisini gurady. 
Bu sergi maslahata gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Paýlaş

08/01/2026

Söhbetdeşlik

2026-njy ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244