«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany»

Bu gün Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Garaşsyz, baky Bitarap
Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» atly täze ýylyň şygaryna bagyşlanyp söhbetdeşlik guraldy. Söhbetdeşlikde
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni Ogulgurban Gaşlakowa hem-de 
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň ylmy barlag bölüminiň baş
hünärmeni Güljeren Atabaýewa dagylar çykyş etdiler. Çykyşlaryň dowamynda ýurdumyzyň bedew batly ösüşi, gazanylan
üstünlikler, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly
Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Geçirilen söhbetdeşlik «Miras» teleýaýlymy
tarapyndan ýazgy edilip, şol teleýaýlymyň alypbaryjysy Annasoltan Nunnakowa alyp bardy.

Paýlaş

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244