Bitaraplyk-buýsanjymyz
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan Diýarymyzyň
her bir güni toýdur baýramlara beslenýär. Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň
Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Hormatly Prezidentimiziň adyndan ýurdumyzyň
zähmetde tapawutlanan işgärlerine Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk ýubileý medaly
hem-de ýadygärlik sowgatlary gowşuryş dabarasy geçirildi. Şeýle hem şol dabaranyň
çäklerinde Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş
sungaty muzeýi tarapyndan nakgaşçylyk hem-de amaly-haşam sungatynyň eserlerini
özünde jemleýän göçme sergisi guraldy. Bu ýerde guralan sergi dabara
gatnaşyjylarda aýratyn täsir galdyrdy.