Kakamyrat we Altynjemal Baýlyýewleriň döredijiligine bagyşlanan “Ata kesbi ogly halal: ataly gyz” atly sergisi
Türkmenistanyň
şekillendiriş sungaty muzeýi biziň halkymyzyň baý taryhyny, muzeý
gymmatlyklaryny özünde jemleýän medeni ojakdyr. Bu ýerde şekillendiriş sungaty
bilen bir hatarda amaly-haşam sungatynyň özboluşly eserlerini gorap saklamaga,
sergide görkezmäge hem-de wagyz etmäge uly mümkinçilikler döredilýär. Häzirki
wagtda Türkmenistanyň gobelen sungatyny esaslandyran halypalaryň biri Kakamyrat
Baýlyýewiň döredijilik sergisiniň gurnalmagy munuň aýdyň mysalydyr.
Gurnalan sergi ussat
Kakamyrat Baýlyýewyň döredijiligi barada umumy düşünje berýär, onuň zehininiň
özboluşlylygyny, döredijilik aýratynlyklaryny we meýillerini açyp görkezýär.
Onuň gobelenlerindäki keşpler ene topragynyň tebigatyndan, taryhyndan we
mifologiýasyndan gözbaş alýar. Olar tomaşaçyny ussadyň pikirler, duýgular we
tolgunmalar dünýäsine çuňňur aralaşmaga, onuň gaýtalanmaz garaýşyna
ýakynlaşmaga ýardam berýär.
Kakamyrat Baýlyýewiň
döredijiligi türkmen amaly-haşam sungatynyň köp asyrlyk däpleri bolan haly we keçe
sungaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu baglanyşyk diňe bir çeper däpleri
gaýtalamak däl-de, eýsem türkmen halysynyň we keçesiniň ritminiň, reňkleriniň
we tegmilleriniň arabaglanyşygynyň sazlaşygyndan ybaratdyr. Suratkeş ajaýyp
kolorist hökmünde reňke uly orun beripdir. "Küýzegär" (1977),
"Çopanyň mukamy" (1980), "Enelik" (1978) ýaly gobelenlerde reňk öwüşginleriň üsti
bilen eserleriň mazmunyny açyp görkezýär. Ussat gobeleni interýere
ýakynlaşdyrmak we oňa giňişlik duýgusyny bermek ugrunda batyrgaý synaglary geçýär.
Ol dürli tehniki usullary we materiallary utgaşdyryp, ýüň, sintetik ýüplükleri
hem ulanypdyr. Onuň gobelenlerindäki seçekler hem diňe bezeg däl-de, eýsem
möhüm many aňladýan serişde bolup hyzmat edipdir. Ol döredijiliginde dürli
temalara, ýagny taryhy, enelik, tebigat, filosofik temalara ýüzlenipdir. Her
döreden gobeleni suratkeşiň durmuşa bolan söýgüsinden we kalbynyň joşan ylhamyndan
dokalandyr.
Kakamyrat Baýlyýew
döredijilik kesbini, aýratyn-da çeper keşbi bitewülikde görmegiň seýrek zehinini
gyzy Altynjemala miras galdyrýar. Altynjemal Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyny
tamamlady. Ol sungaty öwreniji hökmünde muzeýiň ylmy işleri boýunça müdiri we çeperçilik
akademiýasynyň kafedra müdiri bolup ençeme ýyllar zähmet çekip, köp sanly
neşirleriň awtorydyr. Altynjemal Baýlyýewa eserlerinde maşgala däpleriniň
dowamlylygy we ýaşaýyş gymmatlyklary ýaly temalara filosofiki taýdan çemeleşip,
özbaşdak usulynyň kemala gelendigini görkezdi.
Bu sergi ussat Kakamyrat Baýlyýewiň we onuň zehinli
gyzy Altynjemal Baýlyýewanyň döredijilik eserleriniň üýtgeşik we mähirli
utgaşmasyny görkezýär. Olaryň ykballary, gobeleniň ýüplükleri ýaly,
döredijilige we gobelen sungatyna bolan çäksiz söýgileri bilen sepleşendir. Suratkeşiň
şägirdi Altynjemal Baýlyýewa muzeýiň ýolbaşçysy we işgärleri tarapyndan
döredijilik üstünliklerini arzuw edýäris.