«Berekediň egsilmesin topragym» atly sergi
«Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda şöhratly taryhymyzyň tyllaýy güýzünden
nurlanan, biri-birinden zyýada günlerimiz toý baýramlara beslenýär. Saba säherlerde mylaýym ýeller
öwüsýän oba şäherlerinde parahatlyk, asudalyk höküm sürýän ülkämizde Gahryman
Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen
halkymyz eşretli zamananyň, bereketli türkmen topragynyň hözürini görüp
ýaşaýar. Türkmen halky gadymdan bäri topragy eziz göripdir.Toprak onuň ýaşaýyş
çeşmesi, bagtynyň gözbaşy bolupdyr.Watanyň topragy ata-babalarymyzyň bize goýup
giden mukaddes mirasy, dünýade iň gymmatly baýlygymyzdyr. Bu gün hem
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Hasyl toýy mynasybetli «Berekediň
egsilmesin topragym» atly sergi guraldy. Sergimizde Türkmenistanyň halk
suratkeşi Ýakup Annanurowyň “Nygmatlar”, Haky Allaberdiýewiň “Pagta güllände”,
Türkmenistanyň sungatda at gazanan
işgäri Muzafar Daneşwaryň “Natýurmort”, Suwly Ýaranowyň “Tut
ýapraklarynyň ýygymy” şeýle hem tanymal
suratkeşlerimiz Meretgeldi Akmämmedowyň “Ýazky alada” ýaly grafika we gobilen
eserleri sergilendi. Bundan başga-da sergimizde kulalçylarymyz Çaryýar
Durdyýewiň “Miweler” , ”Hasyllylyk”, Alekseý Şetininiň “Harmanda”, Muhammet
Ýüzbaşowyň “Hasyl baýramy”, Annamuhammet Hydyrowyň “ Bereket” ýaly heýkel we
kulal eserleri sergimize ajaýyp öwüşgin berýär Güneşli diýarymyzda türkmen
halkynyň bereketli topragynyň rysgy kän bolsun. Topraga mähir bilen zähmet
çekýän halkyň bagty hiç haçan tükenmesin, bereketli türkmen saçagymyz
nazy-nygmatlardan doly bolsun