Brifing duşuşygy

Türkmenistanyň Magtymguly
adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň, Türkmenistanyň Merkezi
bankynyň hem-de «Ýaşlyk» teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda Berkarar döwletiň
täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkara Parahatçylyk we ynanşmak» ýylynda
ýurdumyzyň ykdysadyýetde, bilimde, saglygy goraýyşda, Halkara hyzmatdaşlygynda
gazanan üstünliklerini ýaşlara wagyz etmek maksady bilen «Bu gün dünýä
taryhynda nur saçýar, Watanymyz Türkmenistan at bilen!» atly geçirilen brifing
duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi özüniň
ajaýyp sungat eserlerinden göçme sergisini gurady. Sergide ussat suratkeş
M.Kakabaýewiň «Türkmen saz gurallary», «Türkmeniň milli mirasy», heýkelltaraşlar
A.Ataýewiň «Gopuzçy gyz», S.Artykmämedowyň «Dutarçy» ýaly birnaçe ajaýyp sungat
eserleri görkezilýär.

Paýlaş

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244