«Dilleri senaly Ýaşulularymyz » atly sergi

Gözbaşyny gadymdan alyp gelýän ýaşulularymyza hormat goýmak däbi Gahryman
Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
ynsanperwer baştutanlygynda häzirki döwürde hem döwlet derejesinde dowam
etdirilýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda her bir döwletli tutumlarda ilki bilen
ýaşululara sala salmak, maslahat geçirmek, il içinde ýokary adamkärçiligi bilen
görelde bolýan ýaşulularymyza “Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy” diýen
mertebeli atlaryň dakylmagy watandaşlarymyzyň başyny göge
göterýär.Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde hem “Dilleri senaly
Ýaşulularymyz” atly sergi guraldy. Sergimizde Türkmenistanyň halk suratkeşi
Durdy Baýramowyň “Şahyr Nurberdi Pomma”, Çary Amangeldiýewiň “Şükür Bagşy”,
Aman Amangeldiýewiň “Çopanlar”, Annadurdy Myradalyýewiň “Ene”, Türkmenistanyň
at gazanan işgäri Kössekmyrat Nurmyradowyň “Güýz”, Amansähet Annaberdiýewiň
“Gözel Sahatowanyň portreti”, Kakajan Oraznepesowyň “Pensioner Gurbannazar
Han”, “Ene” ýaly ýaly kendiriň ýüzüne sünnälenilip ýerine ýetirilen nakgaş
eserleri ýaşulularymyza goýulýan sarpany aýdyň açyk görkezýär.
Ýaşulularyň halkara güni bilen Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, hormatly
Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys! Goý
olaryň janlary sag bolsun, tutýan tutumly işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara
beslensin!



 



 



 

Paýlaş

08/09/2025

Söhbetdeşlik

Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Serdarymyzyň uzak geljegi nazarlaýan

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244