Suwy tygşytlamak—tebigaty goramak
Türkmenistanyň Medeniýet ministirliginiň we Germaniýanyň
halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň guramagynda «Merkezi Aziýada
howanyň täsirini nazara almak bilen suw serişdelerini dolandyrmak» atly
maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Bilim ministirliginiň
gatnaşmagynda Türkmenistanyň
Şekillendiriş sungaty muzeýinde bäsleşigiň jemi jemlendi. Bu bäsleşikde
Amyderýa derýasyna bagyşlanan suratlar, fotosuratlar, gaýtadan işlenilen
materiallardan hem-de toýundan ýasalan şekiller sergimizde uly orun aldy.
Serginiň ahyrynda bäsleşigiň ýeňijileri dabaraly ýagdaýda sylaglandy. Tebigaty goramak ugrunda alyp barýan
işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly
Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlygymyzy bildirýäris. Goý, olaryň janlary sag, ömürleri uzak, mertebeli
menzilleri rowaçlyklara beslensin!