Halypalar bilen duşuşyk

Bir ýere gitjek bolnanda, bir işiň başy tutuljak bolnanda, kesp-hünär öwrenip, işe
başlajak bolnanda halypadan, ýaşulydan ak pata alynýar. Halypany begendirmek,
ondan öwrenmek, halypasynyň mertebesini goramak şägirdiň borjydyr.
Ynha
şu gün Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýine Türkmenistanyň Gahrymany
halk heýkeltaraş Saragt Babaýew, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň uly mugallymy Azat Annaýew, Edebiýat we sungat gazetiniň uly
habarçysy Kerimberdi Hakberdiýew, Suratkeşler birleşiginiň başlygy Çarmyrat
Ýazmyradow dagylar myhmançylykda boldular. Halypalaryň muzeýimize gelmeginde
«Miras» teleýaýlymy tarapyndan ýazgy geçirildi. Halypalar bilen duşuşykda
muzeýiň bölüm müdürleri, hünärmenleri özlerini gyzyklandyrýan soraglaryna
halypalardan birnäçe gyzykly maglumatlary öwrendiler. Geçirilen gyzykly
söhbedeşlik muzeý işgärlerinde ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.

Paýlaş

08/09/2025

Söhbetdeşlik

Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Serdarymyzyň uzak geljegi nazarlaýan

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244