«Çalsana, bagşy!»
Berkerar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe
Gahryman Arkadagymyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmek boýunça başyny başlan asylly
işleri häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan
üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak hem-de
olaryň ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmek üçin ähli zerur şertler döredilýär. Her
ýyl geçirilýän bu bäsleşik «Halkara Parahatçylyk we ynanşmak» ýylynda «Çalsana,
bagşy!» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirildi. Bäsleşigiň çäklerinde
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi, gaznahanasynda saklanylýan sungat
eserlerinden düzülen ajaýyp göçme sergisini gurady. Sergide Türkmenistanyň halk
suratkeşleri Ý.Adamowanyň «Birinji sentýabr», Ý.Annanurowyň «Öz Watanymyň
gyzy», A.Amangeldyýew «Lukman Saçly Dursunowyň portreti» atly ajaýyp eserleri
tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Milli medeniýetimiziň ösdürilmegi ugrunda yzygiderli
alada edýän döwlet Baştutanymyzyň jany sag, tutumly işleri mundan beýläkde
rowaçlyklara beslensin!