«Brifing wagyz nesihat duşuşygy»
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk
zolagy hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde yzygiderli ösdürülýär.
Bu ýerde göwnejaý dynç almak üçin ähli şertler döredilendir. Soňky ýyllarda
Awaza iri forumlaryň, halkara çäreleriň geçirilýän ýerine öwrüldi. 2025-nji
ýylyň 5 – 8-nji awgust aralygynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň
deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça 3-nji maslahatynyň üstünlikli
geçirilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň
Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap häkimligi, Türkmenistanyň Magtymguly
adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bagtyýarlyk etrap geňeşi, Türkmenistanyň Döwlet
çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebi
bilen bilelikde ýaşlaryň arasynda «Deňze çykalga dünýä çykalga» ady bilen Brifing
wagyz nesihat duşuşygy geçirildi. Bu ähmiýetli wakany giňden şöhlelendirmek
üçin Awaza dünýäniň 40-a golaý ýurdundan köpçülikleýin habar beriş
serişdeleriniň 160-dan gowrak wekiller gatnaşdylar. Duşuşyga gatnaşanlar goňşy
döwletler bilen, şonuň bilen bir hatarda dünýäniň ösen döwletler bilen birnäçe
halkara derejesinde parahatsöýüjilikli hyzmatdaşlyk amala aşyrylýanlygy
dogrusynda çykyş etdiler.