Söhbetdeşlik

Türkmen halkymyzyň baý medeni mirasyny giňişleýin çuňňur
öwrenmegi, gorap saklamagy, dikeltmegi, wagyz etmegi döwlet derejesindäki
möhüm, wajyp meseleleriň birine öwürlen, medeni durmuşumyzy ösdürmek ugrunda
saldamly işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty
muzeýinde «Muzeý gymmatlyklary» barada söhbetdeşlik guraldy. Söhbetdeşligi
«Miras» teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edilip, şol teleýaýlymyň gepleşik gurnaýjy
alyp barjysy Bilbil Çaryýarowa alyp bardy hem-de muzeýiň direktorynyň ylmy
işler boýunça orunbasary Şirin Rustamowa, muzeýiň esasy hünärmeni Maýa
Babanyýazowa dagylar gatnaşdylar. Gepleşige gatnaşanlar milli mirasymyzy aýawly
saklamak, gadymy däp-dessurlarymyzy, edim-gylymlarymyzy geljekki nesillere
ýetirmek ugrunda taýsyz tagallalary durmuşa geçirýän Milli Liderimiz Gahryman
Arkadagymyza, şeýle hem Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza
alkyş sözlerini aýtdylar.

Paýlaş

13/08/2025

Söhbetdeşlik

Türkmen halkymyzyň baý medeni mirasyny giňiş

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244