«Gujurly bilim» merkeziniň okuwçylary myhmançylykda
Türkmenistanda milli bilim ulgamyny
kämilleşdirmek, giň gözýetimli innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply
ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça uly işler amala aşyrylýar.
Ýurdumyzda bilim ulgamynda dünýäniň oňyn tejribesi işjeň öwrenilýär, bilim
merkezlerinde çagalara bilim berilýär. Ýurdumyzda hereket edýän
«Gujurly bilim» merkezinde bilim alýan çagalar Türkmenistanyň Şekillendiriş
sungaty muzeýine gezelenje geldiler. Muzeýimiziň hünärmenleri çagalary muzeý
gymmatlyklary bilen içgin tanyşdyrdylar. Bu ýere gelen çagalarda muzeý
gymmatlyklary uly täsir galdyrdy. Şeýle ajaýyp döwürde ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge uly
mümkinçilikler döredip berýän Hormatly Arkadagymyza hem-de Hormatly Arkadagly
Gahryman Serdarymyza uly alkyşlar aýdýarys.