Awaza — dostluk köprüsi

Bu
gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy döredijilik, işewürlik, syýahatçylyk
hem-de dostluk kenary diýip tanalýar. Soňky ýyllarda halkara çäreler Hazaryň
kenarynda has-da giňden ýaýbaňlandyrylýar. Abraýy gün-günden arşa galýan
ýurdumyzda şu ýylyň 4 - 8-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda
geçirilmegi meýilleşdirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy
bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny we onuň çäklerinde
guraljak ugurdaş çäreleri muny aýdyňlygy bilen görkezýär. Türkmenistanyň BMG
bilen bilelikde guramagynda geçiriljek bu halkara forumyň çäklerinde
syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurly köp sanly
çäreleriň geçirilmegi hem göz öňünde tutulýar.



Bäş
günläp dowam etjek bu çäreleri ýokary derejede geçirmeklik üçin häzirki
günlerden uly taýýarlyk görülýär. Görülýän taýýarlyk işleri dogrusynda
Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda Türkmenistanyň
Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi hem-de «Aşgabat»
teleýaýlymy tarapyndan geçirilen «tegelek stoluň» başynda giňişleýin söhbet
edildi. Oňa Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň bölüm müdiri
Hallygözel Şanazarowa hem gatnaşyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy
bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde geçiriljek
birnäçe uly göwrümli maslahatlaryň aýratynlyklary barada giňişleýin gürrüň
berdi.



Söhbetdeşligiň
dowamynda halkymyzyň abadan durmuşy, ýaşlaryň ýagty geljegi ugrunda ata
Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine ynamly alyp barýan hem-de dünýä
döwletleri bilen oňyn hyzmatdaşlygyň giňemegine 
giň ýol açýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza,
hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan
edildi.

Paýlaş

13/08/2025

Söhbetdeşlik

Türkmen halkymyzyň baý medeni mirasyny giňiş

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244