Täsirli sergi

Gökderede
ýerleşýän ýokary amatlyklary bolan döwrebap sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde
geçirilýän köp sanly gezelençler, bäsleşikler, konsertler, teatr we sirk
toparlarynyň çykyşlary, sport ýaryşlary, gyzyklanmalara görä dürli bilim sapaklary
bilen çagalaryň ýadynda galýar. Şeýle gyzgalaňly dowam edýän günlerde aýdym-saz
toparlary hem salkyn saýaly Gökdere jülgesinde dynç alýan çagalaryň arasynda
ýygy-ýygydan bolup, olaryň wagtynyň has-da şowhunly geçmegini gazanýarlar.



Şeýle asylly işlerde muzeý
hünärmenleri hem çetde durmaýarlar. Dynç alýan çagalaryň arasynda wagtal-wagtal
muzeý gymmatlyklaryndan düzülen sergileri guraýarlar. «Çynar» çagalar dynç alyş
we sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalar üçin guralan sergi hem täsirliligi
bilen tapawutlandy. Çagalar
şekillendiriş sungaty muzeýiniň eksponatlary bilen tanşyp, olar türkmen
şekillendiriş sungatynda görnükli yz galdyran halypa nakgaşlaryň döredijilik
dünýäsine aralaşmaga, öwrenmäge giň mümkinçilik gazandylar. 

Paýlaş

20/07/2026

Söhbetdeşlik

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň

19/07/2026

Dostluk owazlary

Hormatly Prezidentimiziň Gruziýa döwlet saparynyň çäklerinde

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244