Ussatlaryň ussatlara ýüzlenmesi
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda: «Mes
toprakda ekilen agajyň bol miwe getirişi ýaly, her bir halk öz medeniýeti bilen
dünýä medeniýetiniň baýlaşmagyna goşandyny goşýar» diýilýär. Milli gymmatlyklarymyzy
sarpalamakda, müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen medeniýetimizi dünýä
ýaýmakda ajaýyp zamanamyzda uly işler durmuşa geçirilýär. Her ýylyň 27-nji
iýunynda ýurdumyzda uludan bellenilip geçilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň
hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni hem şol belent sarpanyň beýanydyr. Bu
ajaýyp sene mynasybetli 18-nji iýunda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat
Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Milli medeniýetim —
genji-hazynam» atly sergi açyldy.
Türkmen medeniýeti barada söz açylanda, öz zehini, ussatlygy bilen
sungatymyzyň ösmegine uly goşant goşan ägirtler göz öňüne gelýär. Milli
medeniýetimiziň genji-hazynasyna bagyşlanan sergide görkezilýän eserleriň hem
aglabasy şeýle ussatlaryň portretleridigi buýsandyrýar. Ol eserleri döreden
suratkeşleriň atlaryny okanyňda: «Ussatlaryň ussatlara ýüzlenmesi» diýen jümle
kalbyňa dolýar. Olardan Türkmenistanyň halk suratkeşleri Ý.Annanurowyň «Bagşy
Oraz Salyr», Ý.Baýramowyň «Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kerim Gurbannepesow»,
Ş.Akmuhammedowyň «Kompozitor we dirižýor N.Muhadow», «Kompozitor Nury
Halmämmedow», «Çary Nurymow», A.Almämmedowyň «Magtymgulynyň Watanynda»,
H.Annaçaryýewiň «Ýaş dirižýor», Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri
S.Meredowyň «Mylly Täçmyrat», «Amangeldi Gönübek», «Şükür bagşy» ýaly ajaýyp
nakgaş eserlerini görkezmek bolar.
Sergide heýkel we küýze eserlerine hem
orun berlipdir. Türkmenistanyň halk suratkeşi M.Ataýewanyň «Gözbaş», «Ýaz» atly
küýze eserleri turuwbaşdan ünsüňi özüne çekýär. Halypa heýkeltaraş
M.Seýitmyradowyň «B.Maşakowyň portreti» atly heýkel eseri gargy tüýdügiň
owazyny bu toprakda hemişelik galdyryp giden ussat sazandanyň dünýäsine
bagyşlanan bolsa, «B.Amanowyň portreti» kinonyň we teatryň üsti bilen halkyň
kalbyna siňen ägirt barada «söz açýar».
Dünýägözel
HAKIÝEWA,
Türkmenistanyň
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň
Mahabatlandyryş-neşir edijilik bölüminiň baş hünärmeni.