MILLI MEDENIÝET – HALKYŇ ÝOL-ÝÖRELGESI, RUHY DÜNÝÄSI
«Türkmenistan dürli medeniýetleri birleşdiren medeni we ruhy
galkynyşlaryň gadymy mekanydyr» diýýän Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk
göreldesi bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly
Gahryman Serdarymyz türkmen medeniýetiniň gülläp ösmegi, milli mirasymyzyň
dikeldilmegi ugrunda döwletli başlangyçlary amala aşyrýar.
Dünýäniň
ünsüni çekýän Änew, Altyndepe, Margiana, Ürgenç, Maşat-Misserian, Sarahs,
Farawa, Şährislam, Şähribossan, Amul, Namazgadepe, Abywerd, Nusaý ýaly köpsanly
ýadygärliklerimizi öwrenmek, dikeltmek işleri, taryhy şahsyýetlerimiziň,
alymlaryň, edebiýat äleminiň ägirtleriniň, medeniýet-sungat ussatlarynyň
şahsyýetlerini, bitiren hyzmatlaryny öwrenmek we geljekki nesillere ýetirmek
babatdaky aladalary döwlet syýasatymyzda ileri tutulýan ugurlaryň birine
öwrüldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan «Änew
– müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet», atly eseri bolsa, her bir türkmen
raýatynyň ýakyn gollanmasyna öwrüldi.
Her ýylda
gadymy türkmen topragyny uly toý-dabara besläp gelýän Medeniýet we sungat
işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet günleriniň ýokary
ruhubelentlikde toýlanylmagy, halkymyzyň döredijilik ruhunyň beýany bolup,
ylmyň, medeniýetiň, sungatyň gaýtalanmajak nusgalaryny dünýä bagyş eden
ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleriniň häzirki wagtda hem mynasyp dowam
etdirilýändigini dünýä aýan edýär. Şeýle hem milli medeniýetimizi ösdürmekde,
ony dünýä ýaýmakda, dünýäde medeni, ynsanperwer hyzmatdaşlygy has-da
ösdürmekde, dost-doganlygy berkitmekde, döwletleriň, halklaryň arasyndaky
hyzmatdaşlygy täze, has ýokary derejelere çykarmakda, Magtymguly Pyragynyň
döredijiligini, adamzada goýan baý mirasyny öwrenmek boýunça hyzmatdaşlygy
giňeltmekde örän uly ähmiýeti bardyr.
Ýurdumyzda
häzirki döwürde medeni maksatly binalar köp gurulýar. Medeniýet we sungat
işgärleri üçin döwrebap mümkinçilikler döredilýär. Şeýle mümkinçiliklerden
peýdalanýan medeniýet we sungat ussatlary kämil eserleri döredip, Watanymyzyň
şan-şöhratyny has-da belende galdyrýarlar.
Biz –
medeniýet we sungat işgärleri milli medeniýetimiziň halk hossarlary türkmen
halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň döredip berýän mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, ýurdumyzyň
medeniýetini, sungatyny, gymmatly mirasyny dünýä ýüzüne tanatmakda yhlasly
zähmetimizi gaýgyrmarys. Çünki, Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, her bir
halkyň öz milli özboluşlylygyny, keşbini suratlandyrýan milli medeni mirasy,
umumadamzat siwilizasiýasynyň ösüşine itergi beren gymmatly taglymatlary,
röwşen pikirleri, ajaýyp pelsepeleri bolýar. Hut şu nukdaýnazardan, biz bütin
adamzadyň ruhy gymmatlyklaryna hormat goýýarys we şol esasda-da hakykaty, haýry
dabaralandyrýan, halklary ysnyşdyrýan medeniýetleriň ýakynlaşmagy ugrunda
çalyşmalydyrys.
Orazguly
KAKABAÝEW,
Türkmenistanyň Beýik
Saparmyrat
Türkmenbaşy adyndaky
Şekillendiriş sungaty
muzeýiniň
Mahabatlandyryş, neşir edijilik
bölüminiň baş hünärmeni.