Online duşuşyk

Suratkeşler özboluşly
dünýäsi bilen hemişe döredijilik gözleglerinde bolýarlar. Olar eser beýanynyň
täze ýollaryny tapyp, kämil sungat eserleri bilen ussatlaryň arasynda öz
mynasyp orunlaryny tapýarlar. Dünýä sungatynyň gazananlaryny öz döredijiliginde
eserleriniň üsti bilen görkezip, türkmen suratkeşleri milli sungatyň ösüş
tejribesinden peýdalanýarlar. Şeýlelikde, ajaýyp sungat eserleriniň döremegine,
ýurdumyzyň ruhy gymmatlyklarynyň baýlaşmagyna mynasyp goşant goşýarlar.



24-nji iýunda Türkmenistanyň
Şekillendiriş sungaty muzeýiniň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Rus
muzeýiniň arasynda  Beýik Watançylyk
urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan online duşuşyk geçirildi. Bu
online duşuşygynda Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan türkmen suratkeşleriniň
döredijiligi bilen tanyşdyryldy. Iki muzeýiň arasynda muzeý işini mundan
beýläk-de kämilleşdirmek boýunça özara pikir alşyldy.



Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler muzeý işini ösdürmekde, geljekki ýaş
nesillere ýetirmekde döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň
Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş
sözlerini beýan etdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244