«Türkmeniň ak öýi» binasynda göçme sergi
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz
ýaýlasyndaky” «Türkmeniň ak öýi» binasynda ýurdumyzda giňden bellenilýän
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe
bagyşlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy guraldy.
Hepdeligiň çäklerinde milli ruha beslenen çäreler geçirilip, olar
Türkmenistanyň ýeten belent sepgitleriniň, halkyň ruhubelentliginiň, abadan
durmuşynyň çeper beýanyna öwrülýär. Her ýyl geçirilýän bu medeni forumda
Watanymyzyň ösüşleri opera, aýdym-saz, kino we teatr, şekillendiriş, amalyhaşam
sungaty, edebiýat ýaly ugurlarda belentden wasp edilýär. 2025-nji ýylyň
Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy mynasybetli «Türkmeniň ak öýi» binasynda
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi şekillendiriş we amaly-haşam
sungaty eserlerini, muzeýiň gaznalarynda
saklanýan gymmatlyklary özünde jemleýän göçme sergisini gurady. Bu eserler
asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan özboluşly däp-dessurlarymyz, halkymyzyň baý
medeni mirasy we sungaty barada gürrüň berýär.