«Medeni miras» gepleşiginiň baýramçylyk sany

   Ýurdumyzda uly şatlyk-şowhun bilen
bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet
güni mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde muzeýiň Ilkinji
zenanlar guramasynyň guramagynda «Miras» teleýaýlymynda her gün säher bilen
ýaýlyma goýberilýän «Medeni miras» gepleşiginiň baýramçylyk sany ýazgy edildi.
«Miras» teleýaýlymynyň redaktory, alypbaryjysy Täjigül Aşyrowa hem-de muzeýiň
hünärmenleri Mähri Atdaýewa, Güljeren Guljaýewa, Aýjemal Gatyýewa dagylar çykyş
etdiler. Ýazgyda milli medeniýeti we sungaty çuňňur öwrenmegiň, ösdürmegiň
hem-de kämilleşdirmegiň, ýer ýüzüniň halklary bilen medeni gatnaşyklary
berkitmegiň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň möhüm wezipesi
bolup durýandygy dogrusynda söhbetdeşlik geçirildi. Ýazga gatnaşanlar muzeý
işini döwrebaplaşdyrmak babatda hemmetaraplaýyn aladalary üçin türkmen halkynyň
Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur
hoşallyklaryny beýan etdiler.    

Paýlaş

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244