«Medeniýet ynsan kalbynyň nurudyr» atly sergi

          Her ýylyň 27-nji iýunynda hormatly Prezidentimiziň
tagallasy bilen Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de  Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni döwlet
derejesinde dabaraly bellenilip geçilýär. Munuň özi Bitarap Türkmenistanda
medeniýete we sungata goýulýan sylag sarpadan nyşandyr. Türkmenistanyň
Şekillendiriş sungaty muzeýinde hem bu dabara mynasybetli «Medeniýet ynsan
kalbynyň nurydyr» atly sergi guraldy. Sergide naýbaşy sungat eserlerinde biziň
Watanymyzyň taryhynda gazanan şan-şöhraty, medeni mirasyň ösüşleri, şu güni hem
ertiri, milli däp-dessurlary ajaýyp öwüşginli reňkleriň üsti bilen beýan edildi.
Sergilenen heýkeltaraşlyk hem-de keramika sungatynyň naýbaşy eserleri ruhy
hem-de milli baýlygyň esasy çeşmesi bolan halk döredijiligini, türkmeniň
aýdym-saz sungatynyň tapawutly äheňini misli janly ýaly sözsüz sungatyň öwüşginlerinde  duýuldy.



Türkmen medeniýetiniň, sungatynyň döwrüň ösen talabyna
laýyk ösdürilmegi, kämilleşdirilmegi üçin uly tagallalarry edýän, medeniýeti
halkyň kalbyna deňeýän, Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna çäksiz hormat
goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman
Serdarymyzy hem-de ähli türkmen halkymyzy ýetip gelýän Medeniýet we sungat
işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen tüýs ýürekden
gutlaýarys! Goý beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlary türkmen
halkynyň ykbalyna ýagtylyk nuruny saçsyn!

Paýlaş

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244