«Milli medeniýetim genji-hazynam»

Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň her bir güni ýatdan
çykmajak taryhy wakalara beslenip, toýlarymyz toýlara, baýramlarymyz baýramlara
ulaşýar.
Türkmenistanyň
Şekillendiriş sungaty muzeýinde Medeniýet we sungat işgärleriniň güni hem-de
Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Milli medeniýetim
genji-hazynam» atly tele ýazgysy geçirildi. Ýazgyny muzeýiň uly ylmy işgäri
Güljeren Guljaýewa alyp bardy. Ýazga Ylmy barlag bölüminiň hünärmenleri Altynaý
Esenowa, Bägül Garlyýewa hem-de Aşgabat şäheriniň medeniýet müdirliginiň
merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky Kitaphana
şahamçasynyň kitaphanaçysy Läle Ahmedowa dagylar gatnaşdylar. Medeniýet
işgärleri halka ruhy lezzet, ruhubelentlik, gözellik paýlaýar. Gahryman
Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň medeniýet ulgamy bilen
baglanyşykly edýän çuň manyly çykyşlary, ylmy-seljermeleri we çeper eserleri
milli medeniýetimiziň ösmegine uly itergi berýändigi dogrusynda teleýazgyda
gürrüňdeşlik geçirildi. 

Paýlaş

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244