Gadymy sungata bagyşlandy

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde ýetip gelýän Türkmen
halysynyň baýramy
hem-de  Aşgabat
şäheriniň güni mynasybetli söhbetdeşlik guraldy. Söhbetdeşligi “Miras” teleýaýlymynyň
alyp baryjysy Merdan Mädalyýew alyp bardy. Mälim bolşy ýaly, halkymyzyň milli
mirasy bolan haly sungatyna, eli hünärli halyçylara aýratyn hormatyň nyşany
hökmünde milli senanamamyzda möhüm orun eýeleýän türkmen halysynyň baýramçylygy
irginsiz zähmetleri bilen gaýtalanmajak gözellik döredýän zehinli zenanlaryň
şanyna guralýar. M
e­de­ni mi­ra­sy­myzyň iň aja­ýyp sun­gat ese­ri hök­mün­de bar­ha kä­mil­leş­di­ril­ýän
türk­men ha­ly­synyň nepisligi, gözelligi barada
muzeýiň esasy hünärmeni Aýjemal Gatyýewa giňişleýin gürrüň
berdi. Türk­men gelin-gyzlarynyň uz bar­mak­la­ry­nyň gud­ra­tyndan dö­re­ýän
ha­ly önüm­le­riniň halkymyzyň dur­mu­şy­ny be­ze­ýändigini belledi. Görenleriň
ünsüni özüne çekýän halylaryň nusgawy nagyşlary, ýüňden we ýüpekden dokalýan
halylar, gözel tebigatymyz, ahalteke bedewleri we dürli şekiller janlandyrylan
halylar hakynda rowaýata öwrülen gürrüňleri has-da täsirli boldy.

Paýlaş

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244