«Watanymyzyň göwher gaşy – ajap paýtagtym» atly sergi

Beýik ösüşleriň  ýoly  bilen ynamly  öňe  barýan Watanymyzyň paýtagty  ak şäherimiz Aşgabatda  gurulýan belent-belent ymaratlar, döredilýän gözel seýilgähler, säher wagty guşlaryň saýraýan sesleri abadançylygyň, asudalygyň alamatydyr. Bu bolsa, elbetde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda asuda asmanyň astynda parahat zeminiň üstünde türkmen halkynyň her bir raýatynyň gursagynda ata Watanymyza, beýik geçmişimize, bagtly şu günümize we geljegimize bolan buýsanç bolup ýaňlanýar. Gözelligiň nusgasy bolan Aşgabat şäherimiz 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda mermer binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda şol günden häzirki wagta çenli Aşgabat şäheriniň güni uly şowhuna beslenip dabaraly belenilip geçilýär.  Bu
günki günde hem paýtagt şäheriň at-owazasy tutuş dünýäde ylalaşdyryjy merkez, dünýä ýurtlarynyň we halklarynyň ykbalyna dahylly bolan parahatçylyk söýüjilik pikirleriniň gözbaş alýan ýeri hökmünde giňden tanalýar. Ata Watanymyzyň buýsanjy Aziýanyň merjeni Aşgabat şäherimiziň güni mynasybetli Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýinde «Watanymyzyň göwher gaşy – ajap paýtagtym» atly sungat eserleriniň sergisi guraldy. Sergilenen eserler paýtagtymyzyň özboluşly binagärlik aýratynlygyny, tebigy gözelligini, dag gerişlerini, asuda asmanyny reňkleriň sazlaşygynda beýan edýär. Bulardan başgada türkmen halkynyň däp-dessuryny, toý-dabalaryny beýan edýän keramika hem-de heýkel sungatynyň eserleri hem sergimizde öz beýanyny tapdy. Sungat eserlerindäki Aşgabat şäherimiziň arassalygy, suw çüwdürimleriň ajaýyp sazlaşygy bilen görenleri özüne has-da many mazmunyň içine aralaşdyrýar. Bu bolsa sungat işgärlerine ussat suratkeşlerimize täzeden-täze naýbaşy eserleri döretmäge ylham hyjuwlaryny joşdurýar. Toýlary goşa-goşadan gelýän türkmen halkymyzyň ýollary ýagty, her bir güni şanly  wakalara beslensin! Bagtyýar halkymyz bagtly günleriň şaýady bolup ýaşasyn! Bu asuda, şatlykly günlerimiziň başynda durýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! 






Paýlaş

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244