«Belentde parlasyn, parahat ýurtda şöhratly Tugum!» atly sergi

Türkmenistanyň Döwlet baýdagy milletimiziň agzybirliginiň, döwletimiziň
Garaşsyzlygynyň we hemişelik Bitaraplygynyň nyşany, halkymyzyň milli buýsanjy
hasaplanylýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň Konstitusiýasy we Döwlet
baýdagy eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişiniň subutnamasydyr, häzirki bagtyýar
gününiň hem-de beýik geljeginiň kepilidir. Milli döwletlilik ýörelgelerimiziň
synmazlygyny hem-de ebediligini ykrar edýän milli gymmatlygymyzdyr. Şoňa
görä-de, Döwlet baýdagymyzyň we Esasy Kanunymyzyň hormatyna gurlan ajaýyp
binalar, beýik sütünde parlaýan Döwlet tugumyz watansöýüjileriň döredijilik
hyjuwyny, zähmet joşgunyny belende göterýär.



     Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty
muzeýinde Türkmenistanyň 
Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni
mynasybetli 
«Belentde parlasyn, parahat ýurtda şöhratly Tugum!» atly sergi guraldy. Sergimizde Türkmenistanyň halk suratkeşi Annadurdy
Almammedowyň «Dag etegi», Türkmenistanyň halk suratkeşi Öwezmuhammet Mämmetnurowyň
«Meýdan gülleri», Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri  Kakageldi Seýitmuhammedowyň «Garaşsyzlyk
toýy»,  Walentin  Kudrýaşowyň «Türkmenistanyň  Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni», Jennet
Aýdogdyýewanyň «Meniň Garaşsyz Watanym», Tamara Kiselýowanyň «Sambo boýunça
Dünýä Çempiony Geldiýewa Jennet», «Döwlet  senasy», ýaly birnäçe ajaýyp sungat eserleri
hem-de ussat heýkeltaraşlar Annameret Taganowyň «Gül», Maral Ataýewanyň
«Hereket», Gülara Babaýewanyň «Galkynyş» ýaly heýkel we keramika  eserleri sergilendi. S
erginiň mazmuny dürli-dürli bolup, nakgaş,
heýkel, keramika eserleriniň
ýeten
kämil derejesini
ň üsti bilen ýurdumyzda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler
görkezilýär.
Baýramçylyk sergidäki eserlerde
ýurdumyzyň gülläp ösüşleri, parahatçylygy, tebigy  gözellikleri, milli tugumyz bilen özara
sazlaşykly beýan edilýär hem-de
parahat
ýaşaýan halkymyzyň durmuşyndan bir pursady açyp görkezýär.  

Paýlaş

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244