Döwlet Rus muzeýine wirtual gezelenç
2025-nji ýylyň aprel aýynyň 30-yna Türkmenistanyň
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýiniň ylmy
işgärleriniň gatnaşmagynda Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Rus muzeýine wirtual gezelenç boldy. Sanly ulgam
arkaly guralan bu muzeýiň Mihaýlowskiý köşgine bolan wirtual gezelenji «XII-XIX asyrlarda rus medenýeti»
ady astynda geçdi. Muzeýiň bölüm müdiri Walentina Gorlowa Mihaýlowskiý köşgünde
Döwlet Rus muzeýiniň dörediliş taryhyny gürrüň bermek bilen şu ýyl muzeýiň açylanyna
130 ýyl dolýandygyny belledi. Ol muzeýiň zallary we onda sergilenen rus
suratkeşleriniň eserleri bilen içgin tanyşdyrdy. Rus çeperçilik medeniýetiniň XII-XIX asyrlarda gazanan
üstünlikleri bilen tanyşdyrdy. Suratkeşler A.Rublýow, I.Nikitiniň, K.Brýullowyň,
I.Aýwazowskiniň, I.Repiniň eserleriniň suratlandyryş usullary hakyndaky
gürrüňleri has-da täsirli boldy.
Şeýle gezelençler geljekde hem yzygiderli guramak meýilleşdirilýär.