Reňklerdäki bedew waspy

Ýakynda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde «Şan-şöhraty dünýä dolan bedewim» ady bilen guralan sergide görkezilýän eserleri synlanyňda, olarda ahalteke atlarynyň üsti bilen türkmen kalbynyň gözelliginiň beýan edilişine haýran galýarsyň. Işanguly Işangulyýewiň, Tirkeş Geldiýewiň, Annaoraz Myradowyň, Perhat Işangulyýewiň sergä hödürlän işleriniň birmeňzeş atlandyrylýandygyna («Türkmen bedewi») garamazdan, olaryň her biri pikir özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Suratkeşler Aýjeren Geldiýewanyň «Türkmen buýsanjy», Mähri Muhammetberdiýewanyň «Uçar ganatly bedew», Amandurdy Amandurdyýewiň «Ahalteke bedewi», Hangeldi Hojahanowyň «Atym bar ‒‒ ganatym bar», Hojamuhammet Çüriýewiň «Gandymguş», Mämmet Wepaýewiň «Arzuw», Mähriban Jumaýewanyň «Baýramçylyga taýýarlyk» ýaly işlerinde hem halkymyzyň ykbalynda, şu günki ajaýyp zamanamyzda gamyşgulak bedewlerimiziň orny inçelik bilen açylyp görkezilipdir. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli gymmatlyklarymyzy wasp edýän kitaplaryndan täsirlenip döredilen eserler bolsa many-mazmun çuňňurlygy bilen aýratyn özüne çekýär. Munuň özi kalbyňy ajaýyp zamanamyzda türkmen şekillendiriş sungatynyň milli mekdebiniň kemala gelendigi baradaky buýsanja besleýär.

Bägül GARLYÝEWA,
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň 
mahabatlandyryş neşir edijilik bölüminiň wideoýazgylaryň operatory.

Paýlaş

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244