Ata kesbini ýöreder (Hekaýa)
Ýaz ýagşy ukudan oýanan tebigatyň ýüzüni tämizläpdi. Ýagyn çisňäp, derrew diňende bolsa, topragy, baglary
mazaly ezipdi. Köpetdagyň giň gujagynda haly kimin ýazylyp ýatan gülälekdir
jümjümeler hezil edip ýagyş suwuna ýuwunypdy. Baglaryň şahalaryndan syrygyp,
ýapraklarynyň ujundan damýan damjalardan töwereginde boý alyp oturan otlaryň
başyny egenlerem kändi. Dym-dyrslyk! Tebigatyň özem bu ümsümlikden lezzet alýan
ýalydy...
Säheriň ir çagy şol damjalaryň owazyna owaz goşup,
tebigatyň täsinligini wasp edýän guşlaryň enaýy aýdymyna utgaşýan ses birden
Göge göterildi. Ol bedew atyň toýnagynyň aşagyndan çykýan sesdi. Daň şapagy
dogmanka yns-jyns bolmajak ýaly. Ýöne endigine görä Sapa bu günem atynyň —
Mäkämiň aýagyny ýazýardy. Mäkäm şemal bilen bäsleşip, ümzügini öňe atyp
ugradymy, onsoň yzyndan ýetip bilseň ýet hany!
* * *
Balamergen ömrüniň dokuzynjy onlugyna gadam basan
ýaşuly. «Öz döwrüniň ökde seýislerindendir» diýdirip bilen halypa ýaşulynyň bu
ugurdan öňüne geçireni iki-ýekedir. Onuň seýislän atlary düşbülikde,
hüşgärlikde saýlanyp durandyr. Atlaryň gylyk-häsiýetleri olaryň reňkine görä
dürli-dürli bolýar. Synçy nazary bilen atlaryň her biriniň ugruny tapyp bilen
ussat seýsiň abraýam gün-günden artyberdi. Oglanlykdan ýüregine ornan höwesi jinnek
ýalam kemelmedi. Ol hemişe atlar bilen boldy.
Ýaşyna görä ýaş görünýän seýsiň ýyllar huşuna zeper
ýetirmändi. Atlaryň haýsysy barada sorasaň, nesline çenli yzarlar oturar.
Ýaş-ýeleňleri-de daşyna üýşürip, gyzykly wakalary gürrüň berer. Olaryň arasynda
atly gürrüňler hökman bardyr.
Ýaşuly seýis abraý gazanan bu ýoluny dowam etdirýän
birnäçe şägirtleri ýetişdirdi. Olaryň hiç biriniňem halypasynyň ýüzüni ýere
salany ýok. Emma öz ogullaryndandyr agtyklaryndan seýisçilik ýoluny dowam
etdireni bolmady. Aty jany-teni bilen söýseler-de, ýetginjek döwürleri
azda-kände çapyksuwarçylyk bilen birnäçe baýrakly orunlary eýeleseler-de,
seýisçilik kesp-kär meselesinden düşüberdi. Şeýle-de bolsa, nebereleriniň
haýsysyndan atlar barada beren sowalyň jogapsyz galmaz. Balamergen seýsiň ilki
gören perzendi Nurjemal mugallymçylyk ýaly asylly käri bilen hormatly dynç alşa
çykdy. Häzir ol agtyk söýüp, gelinleriniň sallançaklarynyň ýüpüni çekişýär.
Ozallar atasy öýüne ýygy-ýygydan gelip duran gyzy soňky döwürler iş-öý aladalary
bilen barmasyny seýrekledipdi. Nurjemal daýza obasyny küýsedi. Mekdepde dynç
alyş möwsümi başlansoň agtyjaklarynam alyp, oba tarap ýöneldi. Köpetdagy
etekläp oturan giň meýdanda ýaýylyp ýatan oba olary mähir bilen garşylady.
Bag-bakjalyga bürenip oturan açyk howluda sekiniň üstünde oturyp, çaý içmegiň
keýpem başga-da! Ol kakasydyr agalarynyň tymsaldyr rowaýata ýugrulan
gürrüňlerine-de suwsapdyr...
* * *
Öýlän çagy bagyň kölegesinde çaýlap oturan seýsiň
ýanyna atbakar geldi. Onuň tolgunmakdan ýaňa gözüniň owasy ýaşdan dolup durdy.
Tejribeli seýis onuň nämedir bir zady aýdyp bilmän ýaýdanyp duranyny dessine
duýdy. Ýaşulynyň sowally bakyşyny görüp, atbakar oňa bir ene baýtalyň
gulanlanda aýrylyp, yzynda iglije taýçanagynyň galanyny aýtdy. Taýçanagyňam
gorkup, hiç kimi golaýyna getirmeýänligini ýaňzytdy. Seýis şäherden gelen
çowlugy Sapanam alyp, athana tarap ugrady.
Diýlişi ýaly, taýçanak diýseň gowşajykdy. Gowşajyk
bolşy ýalam gorkajykdy. Enesini ýitiren taýçanagyň mähri Sapa imrindi.
Balamergen aga Sapanyňam kalbynda bir geňsi üýtgeşmeleriň bolýanlygyny
balkyldap duran gözlerinden okady.
― Owadan naşyja taýçanagyň dogmagy bilen, ol
öz-özünden naýbaşy at bolup ýetişmez. Ony bakyp bejermeli, seýislemeli. «Mal
eýesiniň gözünden suw içer» diýlendir. Mähre mätäç taýçanak ideg bilen oňat
bakylsa, aýaga galar gidiberer. Bakyp bejermegi Sapa sen boýnuňa alsaň, men
seýislärin — diýip, köpi gören seýis çowlugynyň taryna kakyp gördi. «Hany
oglum, taýçanagy saňa bersem, nähili görýäň?! Tomusky dynç alyş möwsümini bizde
geçir-de, sen seret. Menem maslahatymy gaýgyrmaryn. Yhlas etseň, bu taýçanakdan
oňat at çykar» diýdi. Bu sözleri eşiden Sapamy garşy çykjak, derrew ylalaşdy.
― Taýçanagyň adyna näme dakjak, Sapa? — diýip, bulary
synlap duran atşynas sorady. «Mäkäm bolsun, goý, tiz taplanmagyna dakylan adam
sebäp bolsun».
Sapanyň dynç alyş döwri obada geçdi. Soňra obanyň orta
mekdebinde okuwyny dowam etdirip, boş wagtlary athanada Mäkämiň ýanynda boldy.
Tomsuň epgegi, gyşyň aňzagy diýmän, Sapa guşlar bilen deň ördi. Dogumlylygyndanmy,
yhlaslylygyndanmy, şäher ýigidi diýmersiň, iş-güýjüň gyrasyndan göründigi
gelşip durandyr. Buýrulsa-buýrulmasa bitirjek bolup, gara heläkdir.
Gözegçiligi, seýsi, iými ýetýän Mäkäm çalt taplandy.
Taýçanak köňülleri heýjana getirýän gamyşgulak dal bedew bolup ýetişdi. Onuň
maňlaýy depellidi. Bu barada Sapa garry atasy: «Atyň maňlaýynda depel bolsa,
hasam oňat görülýär. Has gelşikli bolýar. Ir döwürlerde dagda bitýän «yrgaý»
diýen ot bilen gara dora depel goýar ekenler. Yrgaýyň çeýe çybygyndan gamça sapam
ýasalýar. Şol çeýe çybyk bilen doruň maňlaýyna sürtseň, sypyrylan ýerinden soň
akja tüý ösýär. Görşüň ýaly, depelli dor göze ýakymly bolýar» diýip, täsin
gürrüňiň üstüni açdy.
Ýaşlygyndan atyň yşkyna düşen ýatkeş seýis Jygaly
begiň gürrüňlerinden-de käbirini ýatlardy. Onuň agtygy bilen tulpara atlanyp,
Üçgümmez dagyna gaçyşyny, şonda kowgudan sypmak üçin Görogla — Röwşene öwreden
tilsimlerini öwran-öwran ýatlardy. Hiç kime el bermejek dözümli at ýetişdirip,
agtygyna bermegiň kül-külüne düşendigini aýdardy. Şeýdip, Sapa-da daýanyp,
gün-günden taplanýan Mäkäm bilen bile köp çarşenbeleri başdan geçirip,
kämilleşiberdi.
* * *
Ýazyna, güýzüne aýlawa barsaň, at synlamaga, at
çapyşygyna tomaşa etmäge gelen çagalar, ýaş ýigitler, ak sakgally ýaşulular
topar-topar bolup oturandyr. Aýlawda «Atlar ýaryşa goşuldy» diýlenden, tä
pellehana ýetilýänçä «haý bolaweri», «gyssanma, han ogul, ata zor salma», «haý
bol, bol» diýip, göýä aty özleri çapyp barýan mysalydyr. Bedewler ýola düşdügi,
edil jadylanan ýalysyň. Atyň toýnagy her ýere degende, tomaşaçylaryňam
ýürekleri arasynda ýa durýandyr, ýa-da şoň bilen bile çalt urýandyr.
Alagalmagal bolşup oturanlaryň arasynda aýlawyň soňragynda seslerem zordan
çykar. Guşuň ganatyna deňelýän atlaryň aýaklary pellehana golaýlanynda at çapyşygy
synlaýanlaryň edýän şowhunynam bir görseň!
Bäsleşik, ýaryş — bu bir synag. Sapa üçinem, Mäkäm
üçinem bu günki at çapyşyk uly synagdy.
Ýetginjekleriň arasynda geçirilen at çapyşygynda
ilkinji bolup gelen Sapa baýragyny alyp, garry atasynyň ýanyna eňdi. Alan
baýragyny ýokary göterip, orta mekdebi tamamlap, bu ugurdan okamagy maksat
edinýändigini aýdanda, seýsiň buýsanjy goşalandy. Balamergen aga ýaňy dabyrap
geçen bedewleriň toýnak yzlary bilen keşdelenen aýlaw ýoluna kän bakyp dymdy.
At saklamak uly döwletlilik we uly abraýdyr. Ynha,
Balamergen seýsiň çowlugy hem ata kesbini ýöreder.
Hallygözel
ŞANAZAROWA,
Türkmenistanyň
Şekillendiriş sungaty muzeýiniň bölüm müdiri.