«Watan gahrymanlary bakydyr» atly sergi
Agzybirlige,
jebislige we ynanyşmaga daýanyp, gurmagyň, döretmegiň, bagtyýarlygyň hem-de
berkararlygyň ösüşleriniň belent sepgitlerini nazarlap öňe barýan ata
Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda
zähmetsöýer gujur-gaýratly merdana halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha
ýokarlandyrylýar. Hoşniýetlilik, parahatçylyk, watansöýüjilik, ynsanperwerlik,
gaýduwsyzlyk, edermenlik türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän milli
aýratynlyklarydyr. Durmuş kadasyna öwrülen kämil ýörelgeleridir.
Dünýä taryhyna
örän pajygaly we iň gandöküşikli döwür hökmünde giren 1941-1945-nji ýyllarda
hem halkymyzyň bu mukaddes kadalaryna berk eýeren gaýduwsyz gerçeklerimiz
doganlyk halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip, aldym-berdimli söweş meýdanlarynda
batyrgaýlygyň we watansöýüjilik ruhunyň belent nusgasyny görkezip, ýaş
nesilleriň ömürlik hormatyna mynasyp boldular. 1418 güne çeken ot-ýalynly şol
ýyllarda mert ýigitlerimiz, gaýduwsyz gerçeklerimiz şöhratly söweş ýollaryny
geçip, edermenligiň we gahrymançylygyň beýik mekdebini döretdiler. Şeýle
gahrymançylykly bolup geçen taryhy wakanyň parahatçylygy, dostlugy,
hoşniýetliligi dabaralandyrýan Ýeňiş gününiň şanyna Russiýa Federasiýasynyň
Türkmenistandaky ilçihanasy bilen bilelikde Türkmenistanyň Şekillendiriş
sungaty muzeýinde Beýik Watançylyk
urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan «Watan gahrymanlary bakydyr» atly sergi
guraldy. Sergide Türkmenistanyň halk suratkeşleriniň, halypa heýkeltaraşlaryň,
rus şekillendiriş sungatynyň iň naýbaşy ussatlarynyň, daşary ýurtly nakgaşlaryň
ýerine ýetirmegindäki ýüreklere öçmejek ýaralar salan agyr synagly,
jebir-jepaly uruş ýyllarynda tylda galan gahrymanlaryň çeper keşpleri,
1941-1945-nji ýyllaryň şöhratly taryhyndaky söweş meýdanlarynda şirin janyny
gaýgyrman söweşen gerçekleriň keşpleri hem-de wepalylygyň nusgalyk mekdebine
öwürlen watançylyk äheňli sungat eserleri sergilendi. Gazaply uruş ýyllarynda
merdana pederlerimiziň – Watan goragçylarynyň söweşjeň edermenligi we ýanbermez
gaýduwsyzlygy türkmen şekillendiriş sungatynyň eserlerinde şan-şöhratly
ýatlamalar bolup müdimilik ýaşar.
Ýer ýüzünde
parahatçylygy, nesilleriň asuda we bagtyýar geljegini gorap, ölmez-ýitmez
şöhrat gazanan merdana gerçeklerimize hem-de gaýduwsyz pederlerimize,
tutanýerli zähmeti bilen Beýik Ýeňşiň gazanylmagynda ägirt uly işleri bitiren
gahrymanlarymyza çäksiz guwanýarys!