«Türkmen bedewlerimiz gözelligiň hem-de wepalylygyň nyşany» atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik

«Halkara Parahatçylyk we
ynanyşmak» ýylynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Türkmenistanyň
Şekillendiriş sungaty muzeýinde Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap häkimligi,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk
etrap Geňeşi, Aşgabat teleýaýlymy bilelikde guramagynda «Türkmen bedewlerimiz
gözelligiň hem-de wepalylygyň nyşany» atly tegelek stoluň başyndaky
söhbetdeşlik geçirildi.  Söhbetdeşligi
Aşgabat teleýaýlymynyň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy Jumenowa
Gülälek alyp bardy.  Aşgabat Gurluşyk
orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Resulberdi Nurberdiýew, Türkmenistanyň
Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap
Geňeşiniň başlygy Ismail Ýakubow, Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine
ýöriteleşdirilen 80-nji orta mekdebiniň türkmen dili edebiýat mugallymy
Güljahan Kulyýewa dagylar çykyş etdiler. 

Paýlaş

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244