Taryhy şöhratly şäherim

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Aşgabat teleýaýlymynyň  «Taryhy şöhratly şäherim» atly gepleşigiň täze
sany ýazgy edildi. Gepleşikde muzeýiň esasy hünärmeni Aýjemal Gatyýewa öz
çykyşynda Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýiniň bölümleri barada
giňişleýin gürrüň berdi. Esasanam şekillendiriş sungatynyň taryhy ýoly we bu
sungatda uly yz goýan halypalaryň döredijiligi bilen içgin tanyşdyrdy.



Halyçylyk sungaty türkmen halkynyň göz guwanjy, el hünäri, başarnyklygy
hökmünde irki döwürlerden gelýän halk döredijiliginiň iň gymmatly ýadygärligi
barada muzeýiň esasy hünärmeni Resulberdiýewa Miwe öz
 çykyşynda
giňişleýin beýan etdi. Şeýle hem türkmen halkynyň uçar ganaty, göz guwanjy,
göwün syrdaşy hasaplanýan bedew atlaryň şekillendiriş sungatyndaky orny barada
içgin gürrüň berdi. 

Paýlaş

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244