«Bagtyýar durmuşyň bagtly gadamlary» atly brifing

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat
şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşi «Aşgabat» teleýaýlymy bilen bilelikde
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde 
«Bagtyýar durmuşyň bagtly gadamlary» atly brifing duşuşygyny geçirdi.
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly mynasybetli geçirilen bu duşuşygy «Aşgabat»
teleýaýlymynyň alyp barmagynda. Bazar Amanow adyndaky döwlet Çagalar
kitaphanasynyň bölüm müdiri Gülälek Garajaýewa, Büzmeýin
etrap Geňeşiniň bölüm müdiri Mähri Ataýewa, Köpetdag etrap Geneşiniň başlygy
Nurmuhammet Döwletow dagylar duşuşykda çykyş etdiler. Duşuşykda Gurbanguly
Berdimuhammedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça
haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy hem-de hormatly
Prezidetimiziň «Merkezi Aziýa-Ýewropa bileleşigi» birinji sammitindäki täsirli
çykyşynda «Türkmenistan medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge we
giňeltmäge hem ygrarlydyr» diýen sözlerinden ugur alyndy.   

Paýlaş

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244