«Söz mülküniň bossany»
Dünýä medeniýetinde, taryhynda öçmejek yz galdyran
türkmen halky, adamzat äleminde özüniň kämil derejede kemala getiren
gymmatlyklaryny sowgat berdi. Her bir ýurdy, her bir halky äleme tanadýan
ilkinji alamat – milli medeniýetdir. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty
muzeýi bilen Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň bilelikde guramagynda
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Söz mülküniň bossany» atly
gepleşigi Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde ýazgy edildi. «Altyn
asyr» Türkmenistan teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edilip, gepleşigi şol bölümiň
alyp baryjysy Selbi Amangulyýewa alyp bardy. Şeýle-de muzeýiň hünärmeni Aýjemal
Gatyýewa, kitaphananyň hünärmenleri Gülşat Gurbanowa, Güljeren Çarmanowa
dagylar ahalteke bedewleriniň milli miras hökmünde gadymky şöhraty dikeldilip,
olaryň köpeldilmegi üçin ýurdumyzda ähli şertleriň döredilýändigi dogrusynda
çykyş etdiler.