«Halypalaryň ussatlyk mekdebi»
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Halypalaryň ussatlyk
mekdebi» atly gepleşigiň täze sany ýazgy edildi. Muzeýiň bölüm müdiri Söýün
Sähetgylyjowyň alyp barmagynda ýazgy edilen bu gepleşik türkmen amaly-haşam
sungatyna bagyşlandy.
Il-günüň kalbyna deňelýän nepis we owadan halylary dogrusynda
muzeýiň bölüm müdiri Aýgül
Bekmiýewa çykyş etdi. Ol öz çykyşynda medeni mirasymyzyň iň ajaýyp sungat eseri hökmünde
barha kämilleşdirilýän türkmen halysynyň nepisligi, gözelligi barada
giňişleýin gürrüň berdi. Türkmen
gelin-gyzlarynyň uz barmaklarynyň gudratyndan döreýän haly önümleriniň
hem halkymyzyň durmuşyny bezeýändigini belledi.
Gobelen sungatynyň özboluşlylygy bilen muzeýiň baş gaznalary goraýjysy
Mähri Atdaýewa tanyşdyrdy. 70-nji
ýyllardan başlap türkmen amaly-haşam
sungatynda uly gyzyklanma döreden gobelenleriň taryhy barada gürrüň berdi. Türkmen suratkeşleriniň tejribesinde
giňden ulanylýan bu sungatyň kompozision
gurluş we bezeg aýratynlyklary barada giňişleýin beýan etdi. Gobelen ussatlary hökmünde
giňden tanalýan A.Hojagulyýewiň,
W.Gyllyýewanyň, K.Baýlyýewiň döredijiligi bilen içgin tanyşdyrdy.