Bütindünýä saglyk güni mynasybetli «Sagdynlyk ruhubelentligiň gözbaşydyr» atly sergi

Türkmen halky bu günki gün beýik Pyragynyň
arzuwlan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman
Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň saýasynda
asuda asmanyň, parahat zeminiň üstünde ýaşaýar. Sagdynlygyň we ruhubelentligiň
Watany hasaplanylýan ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy esasynda alnyp
barylýan işler günsaýyn ýokary belentliklere we rowaçlyklara beslenýär. «Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak» ýylymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýurdumyzda
adamyň saglygy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolup durýar» diýen
sözlerinden ugur alyp, ýurdumyzda sagdyn durmuşy berkitmek üçin sportyň ähli
görnüşlerini, saglygy goraýyş ulgamlaryny dünýä derejesine çykarylmagyna
aýratyn üns berilýär. Bu gün
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty
muzeýinde «Sagdynlyk ruhubelentligiň gözbaşydyr» atly sergi guraldy. Tutuş süňňünden
ruhubelentlik, sagdyn ýaşaýyş-durmuş eriş-argaç bolup geçýän bu sergini synlan
her bir tomaşaçynyň ýurdumyzyň sagdyn durmuş ýörelgesi,  s
aglyk ýörişleri, sport ýaryşlary, ýaşlaryň sagdyn ruhy,
ruhubelent, maksada okgunly, giň dünýägaraýyşly
lygy barada giňişleýin
düşünje almaga doly mümkinçiligi bolar. 

Paýlaş

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244