Sungat ojagynda teleýazgy

Türkmenistanyň
Şekillendiriş sungaty muzeýinde teleýazgy geçirildi. Ýazgyny «Aşgabat»
teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edilip şol teleýaýlymyň alyp baryjysy Ogulgerek
Karajaýewa alyp bardy. Muzeýiň Medeni aň-bilim işleri bölüminiň esasy hünärmeni
Miwegül Resulberdiýewa türkmeniň şekillendiriş sungatynda öçmejek yz goýan
Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň ömri we döredijiligi barada
gürrüň berdi. Aýhan Hajyýewiň
eserleri türkmen nakgaşçylyk sungatynyň gaznasyny düzýär. Türkmen şekillendiriş
sungatynyň milli mekdebiniň düýbüni tutujylaryň biri bolmak bilen, ýaş sungat
nesilleriniň kemala gelmegine uly goşandyny goşan ussatdyr.



Ylmy barlag bölüminiň
uly ylmy işgäri Güljeren Guljaýewa
Heýkeltaraş Saragt Babaýewiň döredijiliginde
gazanan üstünlikleri dogrusynda gürrüň berdi.
Saragt
Babaýew granitden, agaçdan, bürünçden hem-de mermerden ýatda galyjy keşpleri
dörediji monumental we stanok heýkeltaraşydyr. Ol dürli žanrlarda işleýär. Onuň
portret žanrynda döreden
işlerinde
milli äheňler aýdyň duýulýar.
Ýurduň
çeperçilik durmuşyna girişip, täze güýç bilen diňe bir döwletiň çeperçilik
mekdeplerinde däl, eýsem, ussahanalarynda hem özüni mugallymçylyk işine berýär.
Saragt Babaýew häzirki döwürde ýurduň monumental haşam ýadygärlikleriniň
döredilmegine gatnaşyp, gaýtalanmajak döredijilik şahsylygyny erkin ýüze
çykarýan zehinli heýkeltaraşlaryň ýaş neslini terbiýeleýän ussatdyr.

Paýlaş

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244