Ispaniýaly zenanda türkmen şekillendiriş sungatynyň galdyran täsiri

Hormatly
Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz depginli we yzygiderli
daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirýär hem-de halkara gatnaşyklar
ulgamynda mynasyp orun eýeleýär. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň
mart aýynyň 28-ine  
Ispaniýa döwletiniň ýaşaýjysy Susana Arewalogil Türkmenistanyň
Şekillendiriş sungaty muzeýine myhmançylyga gezelenje geldi.  Ispaniýaly zenanda  muzeýiň sergi bölümlerindäki sergilenen muzeý
gymmatlyklary örän uly täsir galdyrandygy barada şeýle belleýär:
«Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi munuň özi hakyky täsinlikdir.
Gadymy şäherlerden tapylan arheologiki galyndylary bar. Türkmen suratkeşleriniň
döreden nakgaş eserleri hakykatdan hem ajaýyp. Mundan başga-da Hindi, Hytaý,
Ýapon hem-de Ýewropaly meşhur suratkeşleriň eserleriniň ýygyndylary sergilenen.
Şeýle-de owadan halylar görkezilen. Men bu muzeýiň  täsinliklerini görmäge gelmegiňizi maslahat
berýärin».  

Paýlaş

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244